Hino da RSS do Turcomenistão (1946-1991)

Hinos de Países

exibições 18

Deň hukukly halklarmyzyň dostlugy
Sowet ilin bir maşgala öwürdi!
Bu dostlugyň arkadagy Rus halky
Egsilmez doganlyk kömegin berdi

Ýaşa sen, kuwwatlan, eý azat Watan!
Barýaň Kommunizmiň ýeňşine bakan
Lenin partiýasyndan güýç alýan, ösýän
Sowet Watanymyz, jan Türkmenistan!

Beýik Lenin açdy azatlyk ýolun
Bize baky ýagty durmuş getirdi
Galkyndyryp ähli halky hak işe
Ýeňişe, zähmete, bagta ýetirdi

Ýaşa sen, kuwwatlan, eý azat Watan!
Barýaň Kommunizmiň ýeňşine bakan
Lenin partiýasyndan güýç alýan, ösýän
Sowet Watanymyz, jan Türkmenistan!

Kommunizme baglap arzuw-erkimiz
Aýdyň geljegmizi döredýäs, gurýas
Gyzyl baýdagy biz berk tutup golda
Biz beýik maksada ynamly barýas

Ýaşa sen, kuwwatlan, eý azat Watan!
Barýaň Kommunizmiň ýeňşine bakan
Lenin partiýasyndan güýç alýan, ösýän
Sowet Watanymyz, jan Türkmenistan!